– Bilgirje, düýeleriň arkasyndaky örküçleri nämä gerek?

23 Iýul 2021
2872

— Düýeler «çöl gämisi» diýlip, ýöne ýere atlandyrylmaýar. Yssy howa şertlerinde 500 kilograma çenli ýük göterip, uzak wagtyň dowamynda suwsuz oňup bilýän bu jandarlar tebigatyň döreden iň täsin jandarlarynyň biridir.

Käbir adamlar düýeleriň örküçleri suwdan doldurylandyr diýip pikir edýärler. Emma örküçleriň içinde suw däl-de, ýag bardyr. Haçanda düýäniň bedeni suw talap edende örküçlerdäki ýag okislenýär we 100 gram ýagyň okislenmeginden 107 gram suw emele gelýär. Diýmek, düýeler ýagy suwa öwürmek bilen suwsuzlygyny gandyrýarlar.

«Güneş».