«Ýaşyl» energetika: ekologiýa abadançylygy

23 Iýul 2021
1469

«Ýaşyl» ýa-da alternatiw energetika energiýany almagyň, geçirmegiň hem-de ulanmagyň edil adaty energetika ýaly giňden ýaýramadyk, emma geljegi uly hasaplanýan usullarynyň umumylygydyr. Adaty energetika kömür, nebit we tebigy gaz ýaly ýangyçlary ýakmak arkaly alynýan energiýanyň ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Şonda bölünip çykýan kömürturşy gazy tebigata belli bir derejede ýaramaz täsirini ýetirýär. Alternatiw energetikada bolsa Gün, ýel, suw tolkunlary, bioýangyç we tebigy galyndylar ýaly daşky gurşaw üçin howpsuz çeşmelerden energiýa öndürilýär.

Soňky onýyllyklarda bütin dünýäde klimatyň üýtgemegi bilen baglanyşykly çylşyrymly ýagdaýlar zerarly alternatiw energetika bolan gyzyklanma barha artýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden alynýan elektrik energiýasy has arzan we elýeterli bolup, dürli ýurtlarda onuň täze kuwwatlyklary ornaşdyrylýar. BMG-niň daşky gurşawy goramak Maksatnamasy boýunça gaýtadan dikeldilýän energetikanyň meseleleri bilen meşgullanýan «REN21» seljeriş merkeziniň berýän maglumatlaryna laýyklykda, häzirki wagtda bütin dünýäde «ýaşyl» energetika pudagynda 11 milliondan gowrak adam işleýär. Şolaryň esasy bölegi (3,5 milliondan gowragy) Gün energetikasynyň, bioenergetikanyň (takmynan 2 million) we gidroenergetikanyň paýyna düşýär.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».