Eksport ugurly önümler

12 Iýul 2021
2134

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň sebitleriniň senagat pudagyny ösdürmek, daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýerli önümleriň önümçiligini giňeltmek hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly harytlaryň möçberini artdyrmak ugrunda edýän tagallalarynyň netijesinde «Akar» haryt nyşanly joraplary öndürýän kärhanamyzda hem üstünlikli işler alnyp barylýar.

Kärhanamyz 2018-nji ýylda işe girizildi. Ýurdumyzyň hususy eýeçiliginde «Akar» haryt nyşany bilen öndürilýän joraplar hil derejesiniň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, ekologiýa taýdan arassa, eksport ugurly önümlerimize diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşarky bazarda hem isleg ýokary.

Serdar Annakow
Telekeçi