Alabaýlara baglanan ykbal

9 Iýul 2021
3030

Annageldiniň Garagum sährasy bilen tanyşlygy geçen asyryň 80-nji ýyllarynda, ol heniz mekdepde okaýarka başlapdy. Çekene çopany bolup işleýän kakasy Rozy aga her gezek öz ýany bilen Garaguma äkidende, ol guş bolup uçýardy. Sebäbi täsin tebigatly sähranyň ösümlik dünýäsi-de, onuň goýnunda ýaşaýan haýwanlar-da, kakasynyň bakýan sürüsiniň daşynda aýlanyp ýören alabaýlar-da onuň üçin durşuna täsinlikdi. Bu zatlaryň her birinden özboluşly lezzet alýan ýaşajyk Annageldiniň sähra bilen gyzyklanmasy barha artýardy. Aýratyn-da, çopanyň her bir hereketine düşünip, süriniň daşyndan aýlanyp ýören iki sany alabaý onuň ünsüni özüne çekýärdi. Şir ýürekli, aýy penjeli, düşbi alabaýlar barada kakasynyň berýän gürrüňleri soňabaka Annageldini iňňän gyzyklandyrdy. Şeýdip, Garagumuň gyrkylyk yzly gum depeleriniň üstüne çykyp, alabaýlar bilen kowalaşyp oýnap ýören Annageldiniň ykbaly soňabaka sähranyň bu haýwanlary bilen bagly bolup galyberdi. Haçan-da oba dolanmaly bolanda, gözi yzynda galardy. Bu ýagdaýy assyrynlyk bilen synlap ýören Rozy aga oglunyň ýüregindäki islegine gowy düşünýärdi. Emma her zadyň öz wagty bar. Ine, bir gün hem ol öýe güjükli dolanyp geldi. Ýaňy süýtden aýrylan ýaşajyk güjügi horjunyň gözünden çykardy-da, Annageldiniň eline berdi.

— Al, oglum, bu güjük indi seniňki bolar, özüň bak, özüň terbiýele. Goý, ol seniň wepadar ýoldaşyň bolup ýetişsin! — diýip, Rozy aga şol gün ogluny uçursyz begendiripdi. Rozy aganyň aýdyşy ýaly-da boldy. Sähradan getirilen güjük örän dogumly, eýesine wepaly, düşbi it bolup ýetişdi. Kakasynyň maslahatlaryna eýerip, Annageldi Aždar atly bu alabaýyna örän köp zatlary öwretdi. Her gün irden gozakly motorynyň gapdalyndan on kilometre çenli ylgatdy. Soň hem öýe gelip naharlanda, Aždaryň ýalyny ýokarda goýup, itiniň birnäçe wagtlap iki öň aýaklaryny galdyryp, iki yzky aýaklarynda durmagyny, şeýdip hem yzky aýaklarynyň berdaşly, kuwwatly bolmagyny gazandy. Bu bolsa Alabaýyň öz garşydaşy bilen dikleşende, yzky aýaklarynyň üstünde uzak wagtlap saklanyp bilmegine şert döredýärdi. Şeýdip, ataly-ogluň bileleşip terbiýelän bu iti örän sagdyn, çydamly bolup ýetişdi. Ol dürli baýramçylyklaryň şanyna guralýan ýaryşlara gatnaşyp, yzly-yzyna ýeňiş gazanyp başlaýar. Onuň ady Amyderýanyň iki kenarynda hem eşidilip, ýaryşlarda baş baýragy diňe Aždara berýärdiler. Käbir ýaryşlarda bolsa Aždar bilen dikleşer ýaly it hem tapylman, ol baýragy söweşsiz eýeleýärdi. Şeýle günleriň birinde Rozy aga ogly Annageldini ýanyna çagyrdy-da, oňa ýüzlendi:

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan». Suratda: halypa itşynas Annageldi Abdykerimow Bürgüt atly alabaýy bilen.