Halkymyz toý tutdy Arkadag bilen

28 Iýun 2021
1004

Gadymy Lebap topragynda uludan tutulan sungatyň toýy ýakymly pursatlara örän baý boldy. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan medeni çärelerdir dabaralaryň owazy alyslara ýaň saldy.

Geçen hepdäniň anna güni Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Lebap welaýatynyň taryhy ýerlerine, gadymy ýadygärliklerine syýahat etdiler. Ýurdumyzyň tanymal şahyrlarydyr döredijilik işgärleri Kerki etrabynyň Astanababa obasynyň çäginde ýerleşýän Astanababa binagärlik toplumyna hem-de Dänew etrabynyň Gabakly geňeşliginde ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýyna gezelenç edip, özlerinde galan täsirler barada bu ýerdäki taryhçylar bilen pikir alyşdylar. Taryhyň çuňluklaryna alyp giden bu syýahat oňa gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu gadymy topragyň taryhy-medeni ýadygärlikleri döredijilik işgärlerinde uly täsir galdyrdy.