Goşa baýramyň guwanjy

28 Iýun 2021
931

Toý-baýramlary goşa-goşadan gelýän türkmen halky mähriban Arkadagymyzyň saýasynda döwletli döwranyň hözirini görýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan kuwwatlanmagy medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösdürilmegi bilen sazlaşykly utgaşýar. Milli medeniýetimiziň taryhy türkmen halkynyň taryhy ýaly gadymylygy, çuňňur many-mazmunlylygy bilen tapawutlanýar. Bagtyýarlyk zamanamyzda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşleri hil taýdan täze belentliklere çykýar.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda bellenilip geçilen medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň goşa toýunyň dabarasy dag aşdy. Şu sene mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäreleri il-günümize şatlyk-şowhuna beslenen ruhubelentligi paýlady. Aýdym-sazlaryň şirin owazy, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary buýsançly ýaňlandy. Şeýle baýramçylyk dabaralaryna kitaphanamyzyň işgärlerem işjeň gatnaşyp, goşa toýuň dabarasynyň dag aşmagyna guwançly goşantlaryny goşdular. Dogrusyny aýtsak, şanly ýylymyzyň bu goşa baýramy ýatdan çykmajak täsir galdyryp, guwanjymyza guwanç goşdy.