Aýdym-sazly Diýarym

28 Iýun 2021
909

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň belent sepgitlere ýetmegi üçin möhüm işler amala aşyrylýar. Şeýle-de, medeniýet-sungat işgärlerine işlemek, döretmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamynda gazanylýan ösüş-özgerişlikler biz — medeniýet işgärlerini zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Şu günler ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzyň çäginde hem ýokary derejede guralýan dürli çäreler uly ruhubelentlige beslenýär. Şol çärelerde medeniýet işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilýän aýdym-sazlarda Gahryman Arkadagymyzyň, bagtyýar döwrümiziň waspy belentden ýaňlanýar.