Uly hormatyň eýesi

28 Iýun 2021
887

Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ähli pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzyň milli medeniýeti hem ösüşler, özgerişler ýoly bilen öňe barýar. Mermer paýtagtymyz Aşgabat şäherinde medeniýet we sungat işgäleri üçin niýetlenen täze döwrebap medeniýet şäherçesiniň gurulmagy ýa-da ýurdumyzyň etrapdyr- -şäherlerinde täze medeniýet öýleriniň, çagalar sazçylyk we sungat mekdepleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyz milli medeniýetimizi ösdürmek, ony dünýä ýaýmak boýunça bimöçber işleri amala aşyrýar. Türkmeniň gadymdan gelýän milli aýdym-saz sungaty dutar saz guraly bilen berk baglanşyklydyr. Halkymyzyň gadymy geçmişi, taryhy, milli däp-dessurlary halk aýdym-sazlarynyň üsti bilen beýan edilýär. Dutaryň taryndan çykýan mylaýym owaz kalbyň senasy bolup ýaňlanýar. Çünki, dutar kalbyňa giňlik berýän bir täsin güýçdür. Gadymy geçmişde türkmen topragynda ençeme bagşy-sazandalarymyz hem ýaşap geçipdirler. Olaryň aýdan halk aýdymlary we sazlary bu günki gün milli medeniýetimiziň mizemez baýlygyna öwrüldi. Olar türkmen toýlarynda hem söýlüp diňlenip, halk köpçüliginiň ýüreginde ornamagy başardy. Dürli ýyllarda halk köpçüligine hyzmat eden Garadäli Gökleň, Amangeldi Gönübeg, Kel bagşy, Sahy Jepbarow ýaly ussat bagşy-sazandalarymyz dutary ezberlik bilen çalyp, ençeme halk aýdym-sazlaryny bize miras goýup gidipdirler. Häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň medeni baýlygymyzyň biri bolan dutar saz guralynda çalmaga höwes bildirýän ýaş nesiller hem barha artýar. Olar çagalar sazçylyk we sungat mekdeplerine gelip, dutar saz guralynda çalmagyň inçe syrlaryny içgin öwrenýärler. Ol ýerde olara, saz guralynyň taryhy gelip çykyşyny, olaryň kakuw we çalnyş äheňlerini ençeme ýyldan bäri zähmet çekip gelýän halypa mugallymlar sapak berýärler. Şeýle halypalaryň biri-de welaýatymyzyň Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň «Gaýrat» medalynyň eýesi, halypam Bäşim Gedaýewdir. Ol özüniň bütin ömrüni aýdym-saz sungatyna bagyş eden halypa sazandalaryň biridir. Özüniň zähmet çeken döwründe, ençeme sungat ussatlaryny ýetişdirdi. Çekýän päk zähmeti üçin döwlet sylagyna, hormatly atlara mynasyp boldy. Ol özüniň şägirtlerine dutar saz guralynyň gelip çykyşyny, taryhyny, halk aýdym-sazlarynyň çalnyş usullaryny öwretdi. Häzirki wagtda biz hem onuň ýolundan zähmet çekip gelýäris. Biz ony özümiziň ilkinji halypamyz diýip hasap edýäris. Sebäbi ol çagalykdan bizde saza bolan söýgini oýaryp, sazçylyk, sungat ýoluna getirdi. Geljekde-de halypamyz Bäşim Gedaýewiň sungat äleminde ençeme ýaş zehinleri taýýarlap ýetişdirjekdigine ynanýarys.

Halypa-şägirtlik ýoluna uly hormat goýýan, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Milli Liderimiziň bütin türkmen halkynyň ýagty geljegi ugrunda alyp barýan döwletli işlerinde üstünlikleri arzuw edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň ömri uzak, jany sag, belent başy aman bolsun!