Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik sazlaşygy

28 Iýun 2021
856

TÜRKMENABAT, 26-njy iýun (TDH). Şu günler Amyderýanyň kenaryndaky şäher ýurdumyzyň işjeň ösýän hem-de köpöwüşginli döredijilik ruhunda ýaşaýan medeni merkezine öwrüldi. Bu ýerde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň şu günki maksatnamasyna žurnalistler üçin brifing, usulyýet maslahaty hem-de “Saz rowaýaty” atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi girizildi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly duşuşygy Lebap welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda guraldy.

Surata düşüren Merdan ORAZOW.