Goşa toýuň şowhuny

27 Iýun 2021
1018

Düýn Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzda şatlyk-şowhunly dabaralara beslendi. Toý güni welaýatymyzyň oba-kentlerinde, şäherçedir şäherlerinde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary aýratyn göwün göteriji bolup, olara bagtyýar ildeşlerimiz uly ruhubelentlikde gatnaşdy.

ÄNEW. Şäherdäki Medeniýet öýünde TMÝG-niň welaýat we Ak bugdaý etrap Geňeşleriniň, welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda «Medeniýet halkyň kalbydyr» ady bilen saz-söhbetli dabara geçirildi. Oňa medeniýet we sungat ulgamynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy.

SURATLARDA: Babadaýhan etrabynda welaýat derejesinde geçirilen baýramçylyk dabarasyndan pursatlar.
Surata düşüren Çaryberdi EKÄÝEW.