Adym geçer ilden-ile

27 Iýun 2021
917

Akyldar şahyrymyzyň «Berkarar döwlet islärin» diýip, ýaşan döwründe eden arzuwy bu gün hormatly Prezidentimiziň saýasynda hakykata öwrüldi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragynyň arzuwlan türkmen döwleti özüniň häzirki bagtyýarlyk döwründe ösüşleriň ak ýolunda özüniň bedew bady bilen ynamly öňe barýar» diýip, belleýär. Magtymguly Pyragynyň bugdaý nany ýaly sünnäli setirleri, pir dogasy ýaly jümleleri deňsiz-taýsyz hazynadyr, edebi mirasdyr. Şahyr özüniň gyzyldan gymmatly eserlerinde türkmen halkynyň syýasy-ykdysady durmuşyny, umyt-arzuwlaryny, ähli asylly sypatlaryny şahyrana keşpler arkaly ussatlyk bilen suratlandyrýar. Beýik söz ussadynyň ajaýyp hikmetleri — parasatly sözleri diňe türkmene däl, adamzada hyzmat etmegiň nusgalyk mekdebi, ýolgörkeziji şamçyragy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz 2012-nji ýylyň martynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny bellemek barada ýörite Karara gol çekdi. Munuň bilen baglanyşykly dabaralar, uly möçberli çäreler tutuş ýurdumyzy gurşap aldy. Olara gatnaşmak bagty miýesser eden raýatlarymyzda we daşary ýurtlardan gelen myhmanlarda şol dabaralar hem-de çäreler ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi. «Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary» atly ylmy maslahata 50-den gowrak döwletden alymlardan, edebiýatçylardan we Magtymgulyşynaslardan ybarat düzümde myhmanlaryň uly topary gatnaşdy. Halkara türk medeniýeti guramasy bolan TÜRKSOÝ 2014-nji ýyly «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýip yglan etdi. Şol ýylyň 5-nji fewralynda Türkiýäniň Ankara şäherinde Magtymguly ýylynyň açylyş dabarasy bolup, oňa gatnaşyjylar şahyryň «Türkmenistan» seýilgähindäki ýadygärligine gül desselerini goýdular. 2014-nji ýylyň 1-nji martynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyny döretmek hakynda Karara gol çekdi. Şol ýylyň aprel aýynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherindäki Gündogary öwreniş institutynda şahyryň golýazmalarynyň sergisi guraldy. Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda şahyryň täze muzeýi guruldy. Bu mysallar deňizden damja ýaly. Munuň özi şahyryň sarpasynyň diňe bir türkmende däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginde hem uludygyna şaýatlyk edýär.