Milli mirasa belent sarpa

27 Iýun 2021
932

Medeniýet adamyň iň gözel häsiýetlerini açmagyň, belent adamkärçilik sypatlaryny kämilleşdirmegiň ajaýyp mekdebidir. Halkyň asyrlarboýy nesilden-nesle geçip gelen pähim-paýhasa, milli ýörelgelere ýugrulan medeni mirasy, dürdäne pikirleri, öwüt-ündewleri milletiň ruhy dünýäsini kemala getirýär. Medeniýet ruhubelentligiň, ahlak arassalygynyň, kämilligiň bahasyna ýetip bolmajak hazynasydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz müňlerçe ýyllyk taryhymyzy we däp-dessurlarymyzy, örän baý medeni mirasymyzy, sungatymyzy, edebiýatymyzy öwrenmekde, olary gorap saklamakda hem-de geljekki nesillere ýetirmekde uly alada edýär. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy, tagallasy bilen türkmen halkynyň medeni we edebi mirasy gözümiziň göreji ýaly goralyp, geljekki nesiller üçin aýalyp saklanylýar. Halkymyz gaýtalanmajak milli mirasy döredip, adamzadyň medeni-ylmy hazynasyna uly goşant goşan dünýäniň iň gadymy halklarynyň biridir. Her bir halkyň, jemgyýetiň ösüşinde, ruhy taýdan kämilleşmeginde miras geçirijiliginiň ähmiýeti uludyr. Ol her bir halkyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden, saklan, ýaýradan, toplan zähmet, önümçilik, durmuş tejribeleriniň jemidir. Mirasgärligiň esasy mazmuny medeniýetiň ösüşinde geçmişi, şu güni, geljegi biri-biri bilen baglanyşdyryjy serişde bolup durýanlygydyr. Häzirki zaman medeniýetiniň gymmatlyklary, däp-dessurlary ata-babalarymyzyň miras galdyran maddy we maddy däl medeniýetleriniň özleşdirilmeginiň dowamatydyr. Medeniýeti öwreniji alymlaryň bellemegine görä, ozalky nesilleriň goýup giden gymmatlyklary täze jemgyýetiň medeniýetini kemala getirmäge ýardam edýär. Türkmen halkynyň dörän we ýaşan topragy ilkinji adamlaryň emele gelen mekanlarynyň biridir. Bu toprakda ençeme ösen medeniýetler we siwilizasiýalar kemala gelipdir. Dürli taryhy döwürlerde ýaşan ata-babalarymyz jemgyýetçilik ähmiýetli maddy we ruhy gymmatlyklary döredip, olary medeni miras hökmünde soňky nesillere arkama-arka goýup gidipdirler.

Güljemal SOLTANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.