Filmleriň görkezilişi — hepdelikde ilkinji gezek

26 Iýun 2021
918

Şu gezekki Medeniýet hepdeligi ozalkylaryndan birnäçe aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Olaryň biri hem 2013-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýän hepdeligiň taryhynda ilkinji gezek ýurdumyzda surata düşürilen çeper filmleriň görkezilişiniň we kino sungatynyň wekilleri bilen duşuşygyň geçirilmegidir. Düýn Türkmenabat şäherindäki Medeniýet öýünde geçirilen duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň ýolbaşçysy Arslan Eýeberdiýew bilen söhbetdeş bolduk.

— Arslan, ilki bilen, sizi ýetip gelýän hünär baýramyňyz bilen gutlaýarys. Hakykatdan-da, Medeniýet hepdeligi ýatdan çykmajak wakalara beslenýär. Gürrüňimizi kino sungatynyň wekili hökmünde şu hepdeligiň geçirilişi baradaky pikirleriňizden başlaýsak!

Söhbetdeş bolan Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.