Baran ýeri alaýaz

26 Iýun 2021
1035

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekow hakynda kelam

Bize halypa ýazyjy, görnükli jemgyýetçilik işgäri Täçmämmet aga bilen bile işleşmek, saparlarda ýoldaş bolmak köp gezek miýesser etdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen rowaç alan Medeniýet hepdeliklerine-de, daşary döwletlerde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günlerine-de halypa ýazyjy bilen ençeme gezek gatnaşdyk. Olaryň arasynda «Awaza — 2012» atly halkara sergi, sungat festiwaly we ylmy maslahat, Halkara çagalar festiwaly, şeýle-de ilkinji gezek, ýagny 2013-nji ýylyň 24 — 30-njy iýunynda Awazada geçirilen Medeniýet hepdeligi, Türkiýede geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri bar.

Hemra HUDAÝGULYÝEW.
«Türkmenistan».