Köňülleriň ylhamy

25 Iýun 2021
784

Medeniýet döwrüň hem jemgyýetiň ruhy sütüni bolmak bilen, halkymyzyň şöhratly taryhynyň dowamynda gazanan üstünliklerini, ýeten derejelerini hem-de umumadamzat medeniýetine goşan goşandyny özünde jemleýär. Şonuň üçin hem milli Liderimiziň belleýşi ýaly, adamzadyň ruhy-ahlak, edep ýörelgelerini, ynsanperwerligi, tämiz ruhy, sagdyn ahlagy ündeýän milli gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz buýsanmaga, taryp etmäge, dünýä ýaýmaga mynasypdyr.

Halkymyz tarapyndan irki döwürlerde döredilip, kämil derejelere ýetirilen milli mirasymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy aýap saklamakda, geljekki nesillere ýetirmekde hemmelere görelde bolýan milli Liderimiziň ulgamy ösdürmekde, täze derejelere çykarmakda amala aşyrýan işleri örän uludyr. Medeniýetimiziň, sungatymyzyň taryhyny içgin öwrenmäge, kämilleşdirmäge hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge üns-ähmiýet berlip, munuň üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeginde gurlan, ähli şert-mümkinçilikleri özünde jemleýän kitaphanalary, muzeýleri, medeniýet öýleridir çagalar çeperçilik, sungat mekdeplerini medeniýetimizi ösdürmekde amala aşyrylýan işleriň hatarynda görkezmek bolar.

Mähri ALLAKOWA,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.