Geçmişden geljege nazarly bina

25 Iýun 2021
797

Türkmen halkynyň milli medeniýeti öz gözbaşyny müňýyllyklaryň akabasyndan alýandygy bütin dünýä aşgär hakykat. Döwlet Baştutanymyzyň milli medeniýetimizi öwrenmek, dünýä ýaýmak, ony aýawly saklamak hakynda edýän aladalarynyň netijesinde bu gün türkmeniň milli medeniýetiniň sarpasy belent tutulýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimiz ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda özüniň döwrebap öwüşginine eýe bolýar. Biz muňa Lebap welaýatynda täze gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň keşbinde hem göz ýetirip bileris.

23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäginde täze gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu bina Türkmenabadyň täze binagärlik gymmatlygyna öwrüldi. Şäheriň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň hem-de Alty Garlyýew köçesiniň çatrygynyň golaýynda peýda bolan bu ägirt uly durmuş-medeni maksatly desga milli Liderimiziň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda guruldy. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen garşyladylar. Binanyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň gündogar sebitiniň birleşen döredijilik toparlarynyň köpöwüşginli sahna çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiz bäş welaýatyň, paýtagtymyzyň hormatly ýaşululary we kümüş saçly eneleri bilen bilelikde, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesip, täze ajaýyp binany açdy.

"Nesil".