Toý tutmak medeniýeti

24 Iýun 2021
958

Lebap welaýatynda bolan dabaralar türkmeniň toý tutmak medeniýetini dünýä ýaýdy

“Döwür medeniýete, medeniýetem döwre täsir edýär, olar hemişe-de alyş-berişde” diýilýär. Şol alyş-berşiň bolan ýerinde medeniýetem, durmuşyň beýleki ugurlaram ösýär. Islendik halkyň medeniýetine, sungatyna nazar aýlap görsek, onuň medeniýetiniň, sungatynyň belent derejelere galan döwrem, pese gaçan döwrem hut, umumy ösüşiniň depgini bilen baglydyr. Ýöne milli medeni gymmatlyklaryň şol halklaryň soňraky ykballaryna diýseň uly täsir edendigini-de biz taryha nazar aýlanymyzda bilýäris. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurduň ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde milli medeniýetimizdäki özgerişliklere ünsi gönükdirmegi hem halkymyzyň şu güni, ertiri baradaky öňdengörüjilikli aladalarydyr.

Ogulmaýsa ALLABERDIÝEWA,
«Edebiýat we sungat».