Medeniýet hepdeligi dabaralara beslenýär

24 Iýun 2021
909

Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen giň gerimli döredijilik çäresi 2013-nji ýyldan başlap, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde geçirilýär. Bu möhüm ähmiýetli çäre milli medeniýetiň köpöwüşginliligini, onuň döwletiň we jemgyýetiň ösüşindäki ornuny, ägirt uly parahatçylyk dörediji kuwwatyny görkezýär. Munuň özi ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylda aýratyn ähmiýetlidir. Şu ýyl bu giň gerimli çäre eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de ak mermerli türkmen paýtagtynyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy ýaly ajaýyp senelere gabat geldi.

«Ahal durmuşy».