Bilbil sahnada saýranda

24 Iýun 2021
1111

Düýn Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda täze sahnalaşdyrylan «Gül-Bilbil» atly operanyň ilkinji görkezilişi boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde sahnalaşdyrylan «Gül-Bilbil» operasynyň täze zehinleri ýüze çykarmakdaky ähmiýeti barada bu sahna eserini döretmäge gatnaşan zehinleriň käbiri bilen söhbetdeş bolduk.

Täze sahnalaşdyrylan «Gül-Bilbil» operasy halypa-şägirtlik mekdebiniň özboluşly dowamyna öwrüldi. Operanyň sahna hem saz bezegi gahrymanlaryň ruhy ahwalyny çeper beýan edýär. Bu bolsa döredijilik toparynyň yhlasly zähmeti netijesinde hasyl bolýar. Milliligi hem döwrebap öwüşgini bilen bagtyýarlyk döwrümiziň belent ruhuna kybap gelýän sahna eserleriniň teatrlaryň sahnalaryny bezäp durmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris. Milli opera sungatymyzy täze derejelere çykaran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaç alsyn!

Söhbetdeş bolan Aýjemal GAÝLYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Edebiýat we sungat».