Aýdymly dünýäniň aşygy

24 Iýun 2021
1073

Aýdym-saz — adamlaryň göwün ganaty. Aýdymda jady, mähribanlyk we ýakym bar. Şonuň üçin hem aýdym ýaňlansa, kalbymyz gobsunyp gidýär. Şu günler toý ruhuna beslenen ülkämizde aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlanýar. Gadymy Lebap topragynda dowam edýän medeniýet hepdeligi şatlyk-şagalaň bilen gurşalýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralan bu uly medeni baýramçylyk ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Ata-baba dowam edip gelýän ýedi gije-gündizläp toý tutmak däbi, häzirki ajaýyp döwrümiziň hem täzeçe röwşi bolup şuglalanýar. Toý gününde bu ýere ýygnanan mähelläniň bolsa, begenjiniň, buýsanjynyň çägi ýok. Biz hem şeýle ajaýyp pursatlarda Medeniýet hepdeligine Ahal welaýatyndan gatnaşýan zehinli ýaş aýdymçy, welaýat Medeniýet müdirliginiň ikinji derejeli artisti Laçyn Hudaýgulyýewa bilen söhbetdeş bolmagy onuň baýramçylyk buýsanjyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

— Laçyn, bu baýramçylyk günleri kalby sungata maýyl hiç bir adamy hem biparh goýmaýar. Çünki toýuň tutumy uludan. Şonuň üçin hem Medeniýet hepdeligine gatnaşyjy hökmünde Lebap topragyndaky toý tutumlarynyň täsirini okyjylarymyz bilen paýlaşaýsaň.

Söhbetdeşligi taýýarlan Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň terjimeçisi.