Gahryman Arkadagymyzyň beýik tagallalary

24 Iýun 2021
900

Arkadagly eýýamymyzda döwrebap öwüşginler bilen barha baýlaşýan medeniýetimiz dünýäniň Gün tertibinde duran meseleleri çözmekdäki tagallalaryň birleşmegine hem aýdyň ýollary açýar. Munuň özi ykdysady ösüşleri hem ilerledip dünýä hojalygynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga oňyn itergi berýär. Çünki halklaryň medeniýetleriniň dostlaşmagy bilen ykdysady bähbitler öz ornuny tapýar. Ykdysady bähbitler bolsa döwletleriň ösüşini, ösüşler bolsa dünýäniň iň möhüm meselelerini çözmekde garaýyşlary birleşdirýär.

Döwlet Baştutanymyzyň taryhy başlangyçlary esasynda 2013-nji ýyldan bäri geçirilmegi ýola goýlan Medeniýet hepdeligi milli ýörelgelerimizi barha baýlaşdyrýan däbimize öwrüldi. Bu iri medeni forum çuň mazmunly çäreleri bilen ykdysady ösüşlerimizi hem dabaralandyrýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 22-nji iýunynda Lebap welaýatynda açylan Medeniýet hepdeliginiň Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we dünýäde geçirilýän çäreleriň baý mazmunyny özünde jemleýän ajaýyp toý öwüşgini hem muny aýan edýär.

Maksat NURYÝEW,
«Adalat».