Medenýetiň sarpasy

24 Iýun 2021
939

Medeni miraslarymyz halkymyz üçin aýratyn sarpalanýan gymmatlyk bolmak bilen, bütindünýä medeni mirasynyň hem aýrylmaz bölegidir. Senagat, ykdysadyýet, ylym-bilim bilen bir hatarda milli medeniýetimiziň galkynyşly gadamlarynda taryhy we medeni mirasyň baýlyklary mynasyp orun tutýar. Milli medeniýetiň döwletliligi berkitmekde, sungatyň dürli ugurlarynyň kämilleşmeginde wajyp ähmiýeti bar. Medeni gymmatlyklar adamyň döredijilik mümkinçilikleriniň artmagyna hem oňyn täsir edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň mähriban halkyna sowgat beren «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...», «Çaý — melhem hem ylham», «Arşyň nepisligi», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýaly birnäçe kitaplary türkmen medeniýetiniň we sungatynyň kämilleşmeginde ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Medeniýet we sungat ynsan kalbynyň owazydyr.

Hajarbibi HANDURDYÝEWA
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň hünärmeni.