Toýlara beslenýän eziz Diýar

24 Iýun 2021
1028

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işjeň medeni-durmuş syýasatynyň netijesinde medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikler has-da guwandyryjydyr. Milli medeniýeti we sungaty wagyz etmekde, dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bellenilip geçilýän Medeniýet hepdeliginiň ähmiýeti juda uludyr. «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän işler jemgyýetde mynasyp dowam edýär. Däp-dessurlarymyz, milli medeniýetimiz, sungatymyz, edebiýatymyz baýlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde medeniýet we sungat işgärleri bu günki günde ykdysady, medeni-durmuş taýdan gülläp ösýän welaýatlarda durmuşa geçirilýän beýik işler bilen ýakyndan tanyşýarlar. Olar gadymy taryhy-medeni ýadygärliklere, täsin tebigatly ýerlere seýran edýärler. Geçmişde möhüm yz goýan ýazyjy-şahyrlarymyzyň edebi mirasy içgin öwrenilýär. Şu günler medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň toý dabaralary Lebap topragynda uly joşgun bilen dowam edýär. Göwün göteriji aýdym-sazlaryň belent owazy asuda asmanymyzda, abadan durmuşymyzda ýaňlanýar. Bu sungat baýramynda guralýan sergiler, döredijilik duşuşyklary, maslahatlar, sahna oýunlary türkmen medeniýetiniň baý many-mazmunyny ýüze çykarmaga, özara pikir alyşmaga we tejribe toplamaga ýardam berýär.

Hawa, gojaman Jeýhuny bezäp oturan ajaýyp gözellikler, Köýtendagyň gaýtalanmajak tebigy täsinlikleri, Amul, Hojaidat, Zöhre-Tahyr galalary, Daýahatyn kerwensaraýy, Astanababa, Alamberdar ýaly taryhy ýadygärlikleri ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Idris baba, Nyýazguly halypa, Seýitnazar Seýdi, Abdyrahym Zynhary, Allaguly Allahy, Myrat şahyr we başga-da ençeme akyldarlardyr nusgawy şahyrlaryň edebi mirasy gymmatly hazynadyr. Olaryň döreden dürdäne eserleri ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Taýýarlan Bagty ÖDEGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».