Döredijilik ylhamynyň çeşmesi

24 Iýun 2021
890

Medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, sungatymyzy ylmy taýdan öwrenip, dünýä ýaýmak ugrunda uly işler alnyp barylýar.

Halkymyz Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa, watançylyga ýugrulan goşgularynda beýan edilen belent arzuwlaryň hasyl bolýan döwründe ýaşaýar. Parasatly şahyr indi üç asyr bäri diňe bir türkmenleriň däl, eýsem, dünýäniň dürli künjeklerinde söze sarpa goýup bilýän millionlarça ynsanlaryň aňynda, ýüreginde ýaşaýar. Häzirki döwre çenli Magtymguly Pyragynyň kitaplary dünýäniň birnäçe döwletinde neşir edildi. Bu kitaplar ynsanperwerligiň, halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň ajaýyp köprüsiniň emele gelmegini üpjün etdi. Dürli ýurtlaryň meşhur alymlarydyr edebiýatçylary onuň döredijiligini ürç edip öwrenýärler. Ýeri gelende aýtsak, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýygyndysy dünýäniň köp dillerine, şol sanda türk, rus, iňlis, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, rumyn dillerine terjime edildi.

Merdan HALBAÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Aşgabat şäheri boýunça iş ýöredijisi.