Jebisligiň we sungatyň toýy

16 Iýun 2021
969

Ýurdumyzda asylly däbe öwrülip, her ýyl uly dabaralara beslenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, bu baýramçylyk mynasybetli, Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligi barha golaýlaýar.

Halkymyzyň milli medeni mirasynyň, maddy we ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň häzirki zaman ösüşini täze belentliklere götermek ugrunda ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň döwrüň talabyna laýyk derejede gülläp ösmegi, onuň mazmunynyň, çeperçiliginiň, milliliginiň has baý, täze öwüşginlere eýe bolmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda medeni maksatly binalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi täze zehinleriň ýüze çykmagyna, çuň many-mazmunly eserleriň, zamanabap aýdym-sazlaryň döremegine itergi berýär.

Ene MÄMMEDOWA,
Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy.