Ýaşlaryň kalp joşguny

15 Iýun 2021
872

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilmegi däbe öwrülen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry höwesjeň aýdymçy ýaşlar üçin özboluşly baýramçylyga öwrüldi. Änew şäherindäki Medeniýet öýüniň öňündäki giň meýdançada geçirilen bu bäsleşige onuň şäherdir etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan höwesjeň aýdymçylar gatnaşdylar.

Zehinli ýaşlaryň çykyşlaryna tomaşa etmek üçin toý meýdançasyna welaýatyň dürli ýerinden gelen bagtyýar ildeşlerimiz, şol sanda halypa sungat ussatlarydyr aýdym-sazyň muşdaklary ýygnandylar. Älemgoşar öwüşginli bezemen sahnada aýdym-sazly çykyşlara giň gerim berildi. Höwesjeň ýaşlar gezekli-gezegine sahna çykyp, joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Aýdo ŞEKEROW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.