Gadymy Lebap myhmanlara garaşýar

14 Iýun 2021
1024

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýyl medeniýet we sungat hem-de döredijilik işgärleriniň hepdeligini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Hepdelik bu sapar Lebap welaýatynda, ýeri gelende aýtsak, ikinji gezek geçirilýär.

Welaýatda Medeniýet hepdeligine ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Hepdeligiň şanyna baý mazmunly, gyzykly we täsirli medeni çäreleriň uly topary meýilleşdirildi. Hepdeligiň açylyş dabarasy Türkmenabat şäherindäki Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada bolup geçer. Hepdeligiň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň aýratynlykda şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, milli saz gurallarynyň, kitap we neşir önümleriniň sergileri guralar. Myhmanlar ilkinji günde Ruhyýet köşgünde «Perzent çeşme bolsa, gözbaşy ata-enedir» atly maslahata hem gatnaşarlar.

Şakir TURAÝEW,
žurnalist.