Sungatyň sarpalanýan mekany

14 Iýun 2021
814

Ak mermere beslenip, dünýä şugla saçýan ak şäherimiz Aşgabat hakda oýlananyňda, onuň şäher hökmünde geçen ýoly kalbyňda ýakymly duýgulary oýarýar. Aşgabat 1881-nji ýylda esaslandyrylandan soň, onuň şähergurluşygy dürli ugurlarda ösüpdir. Ilkinji nobatda, şäherde zawod-fabrikleriň gurulmagy iş bilen üpjünçilik meselesiniň çözgüdi bolupdyr. Aşgabatda, esasan, täjirçilik-söwda işine aýratyn üns berlip, kerwensaraýlar gurlupdyr. Bişen kerpiçden gurlan kerwensaraýlar we myhmanhanalar özboluşly binagärlik keşbine eýe bolupdyr. Munuň özi Aşgabadyň hut özüne mahsus şähergurluşyk medeniýetiniň bolandygyny görkezýär. Ýöne bu gözel binalar, bilşimiz ýaly, 1948-nji ýylda bolan ýertitremesinde ýykylypdyr.

Aşgabat täsin sungat gözelligine hem eýedir. 1911-nji ýylda, ýagny mundan 110 ýyl ozal, Aşgabatda beýik rus nusgawy şahyry A.S.Puşkiniň ýadygärlik heýkeli oturdylypdyr. Bu heýkel özüniň özboluşlylygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Ol kämil sungat eseri hökmünde islendik adamyň ünsüni bada-bat özüne çekýär. Heýkel beýik şahyr Aleksandr Puşkiniň ruhy dünýäsini täsinlik bilen açýar. Puşkin gözüňe hem göwnüňe, hakykatdan-da, akyldar hem ynsanperwer şahsyýet bolup dolýar. Oňa seredeniňde, adalatly hem buýsançly, ýanbermez hem gaýduwsyz bir beýik ynsan örboýuna galýar. Halk hem Watan bilen birleşmegiň ajaýyp çözgüdini özünde jemleýän bu heýkel Ýer ýüzünde ähli halklary bir ýoldan — ýürekdeşlikden bina bolan hormat-sylagdan ýöretmegiň nyşanyny alamatlandyrýar.

Süleýman ILAMANOW,
şahyr.