Mukamlaryň sazlaşygynda

14 Iýun 2021
971

Günüň reňkini süňňüne siňdiren bugdaýly meýdanlaryň öz mukamly kompozisiýasy bar. Bu kompozisiýany bugdaýyň säheriň salkyn şemalyna ygşyldaýşy, atyzyň içinde o ýan ― bu ýan gatnaýan kombaýnyň tarryldysy, bereketli hasyldan öz paýyny almaga ymtylýan guşlaryň jürküldisi, kombaýnyň bunkerinden ýük ulagyna guýulýan bugdaýyň şygyrdysy, hasyla göhi gelip, iki ýana ylgaşlaýan daýhanyň aýagynyň sesi we ýene-ýeneler düzýär. Ýakynda bolsa bu meýdanlaryň mukamyna ýene-de bir ajaýyp mukam goşuldy. Medeniýet we sungat işgärleri gyzgalaňly işiň günortanky arakesmesinde zähmetsöýer gallaçylaryň öňünde aýdym-sazly çykyş guradylar.

Şeýle joşgunly çykyşlar welaýatymyzyň ähli etraplarynda guraldy. Etrap medeniýet merkezleri tarapyndan möhüm oba hojalyk möwsüminiň bosagasynda düzülen meýilnama laýyklykda işiň üstüne barlyp, aýdym-saz bilen merdana zähmetkeşlerimiziň armasy ýetirilýär.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.