Dünýä nur saçýan parasat

11 Iýun 2021
1024

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemal tapan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby bütin adamzat jemgyýeti üçin ähli döwürlerde ähmiýetini ýitirmejek ynsanperwer düşünjeleri özünde jemleýän şamçyragdyr. Milli Liderimiziň ajaýyp eseriniň dünýä halklarynyň ençemesiniň dillerine terjime edilip, ýakyn-u-alys ýurtlarda meşhurlygynyň barha artmagy bu hakykaty doly tassyklaýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň çuňňur mazmunly eseriniň italýan diline terjime edilip, çapdan çykmagy hem kalplarymyza şatlyk paýlan hoş habar boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen meşhur edebi-filosofik eserinde umumadamzat ösüşine mynasyp goşant goşan türkmen halkynyň örän baý ruhy-ahlak mirasy wagyz edilýär. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby halk parasatlylygynyň özboluşly jemlenmesi bolmak bilen, häzirki we geljekki nesilleriň däp-dessurlarynyň hem-de ahlak ýörelgeleriniň dowamatlylygynyň aýdyň subutnamasydyr.

«Watan».