Halklary dostlaşdyrýan sungat

9 Iýun 2021
885

Düýn Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda halkara çäre geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri, teatr artistleri, aýdymçylar, döredijilik işgärleri, şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, ilçihananyň hünärmenleri gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler bu günki dabaranyň türkmen-gazak medeni hyzmatdaşlygynyň taryhynda möhüm ähmiýete eýedigini nygtap, iki doganlyk halkyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan gatnaşyklarynyň has-da rowaçlanýandygyny bellediler. Halkara çäräniň aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Aýratyn-da, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gazak halkynyň meşhur “Abaý” operasyndan ýerine ýetiren eserleri has-da täsirli boldy.

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň hem-de ýurdumyzyň tanymal aýdymçylaryna meşhur gazak şahyry Abaý Kunanbaý ulunyň doglan gününiň 175 ýyllygy mynasybetli onuň «Ýelsiz gije ýagty Aý» atly goşgusyna döredilen aýdymy ýokary derejede ýerine ýetirendikleri üçin Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.