Öýüň görki, toýuň bezegi

7 Iýun 2021
927

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly we öňdengörüjilikli durmuş syýasatynyň amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyz günsaýyn ösýär, dünýä ýüzünde uly abraýa eýe bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge ýaşaýşymyzyň baş mazmunyna öwrüldi.

Öý-ojagyň söýesi bolan ene-atanyň mertebesi, arzuwlary, yhlasy olaryň maşgala mukaddesligine goýýan ebedi sarpasynyň beýanydyr. Ýürekleri buýsançdan doly maşgala eýeleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ertiriniň abadanlygyny üpjün etjek nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň esasy daýanjy hasap edilýär. Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň iň asylly adamkärçilik ýörelgelerine ygrarly nesilleriň kemala gelmeginde zenanyň ornuna uly baha berýär. Munuň özi zenanlaryň jemgyýetiň ösüşine has jogapkärli çemeleşip, Watanymyzyň geljegi hakynda düýpli aladalanmagyny esasy ýörelge hökmünde öňe çykarýar.

Ogulsona GOJAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kafedra müdiri.