Tans ― gözelligiň sungaty

7 Iýun 2021
1483

Näme üçin adamzat toýlarynyň aglaba böleginde tans etmegi saýlap aldyka? Özem bu diňe bir ýa iki millete mahsus aýratynlyk däl. Dünýä halklarynyň tas ählisiniň diýen ýaly toýlary aýdym-sazsyz, tanssyz geçenok. Şolaryň ornuny alaga-da başga bir gyzykly güýmenje bilen çalşyp bolarmy? Bolar, ýöne bu dabara toý diýip bolmaz. Biz soňky döwürleriň gürrüňini edemzok. Geçmişde-de toýlarymyz küştdepdisiz, çapaksyz we ýene-ýenesiz geçmändir. Garaz, tans diýilýän sungat Ýer ýüzünde peýda bolaly bäri, adamy biygtyýar özüne baglapdyr.

Ýene uly toý ýetip gelýär. Şu ýyl Lebap topragynda geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň şan-şöhratyny dünýä ýaýjak öwüşginleriň biri hem tans sungaty bolar. Şeýle bolansoň, welaýatymyzyň tans toparlary bu hepdelige eýýäm şu günlerden ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Biz bolsa bu ýazgylary şol toparlaryň haýsydyr birine däl-de, olaryň agzalarynyň köpüsiniň halypasynyň alyp barýan işlerine bagyşlamagy makul bildik.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.