Paýhas dünýäsi

7 Iýun 2021
1303

Garaşsyzlyk ýyllary içinde alymlardyr tejribeli kitaphanaçylar ýurdumyzyň kitaphanalarynyň taryhy, şu güni we geljegi baradaky ylmy işlere ünsi güýçlendirdiler. Türkmen kitabynyň we kitaphanalarynyň taryhy ýoluny açmaga we ony öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Diýarymyzda uly-uly, gadymy kitaphanalaryň bolandygy mälim edildi. Şeýle ylmy işleri esaslandyrmakda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň, welaýat kitaphanalarynyň orny uludyr.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanasy 1992-nji ýyldan — institut açylan wagtyndan bäri hereket edýär. Kitaphananyň umumy okyjy ýeri 98 adama niýetlenen. Jemi okyjy sany 1762 adam. Baş binada okalga zaly hem döwürleýin neşirler bölümçesi, umumy ýaşaýyş jaýynda bolsa kitaphananyň şahamçasy ýerleşýär.

Çemen BERKELIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.