Nepisligiň nusgasy

4 Iýun 2021
994

Gelin kürtesi. Ol türkmen zenanlarynyň uz barmaklarynyň gudraty bilen, reňkleriň hem nagyşlaryň özara sazlaşygyndan döreýän ajaýyp sungat. Meger, bu gözellik başga hiç bir milletde ýok bolsa gerek. Kürte durmuşa çykýan gyzyň esasy toý lybaslarynyň biri bolup, ol gyzlyk dünýäsi bilen gelinlik döwrüniň arasyny birikdirýär. Toý gününde çaprazçaňňasyny şaňňyrdadyp, dähedem-dessemläp, gapydan girip gelýän gelniň, ilki bilen başyna atynan gyzyl kürtesinde gözüň eglenýär. Birkemsiz bejerilen kürtäniň keşdeleriniň arasynda hiç bir boşluga gözüň düşmez. Zenan kalbynyň syrly nagyşlaryna bezelen bu milli lybasymyz ýazyň gül-gülälekli meýdanlaryny ýatladyp, älemgoşar öwüşgini bilen göreniň gözüni gamaşdyrýar.

Ene-mamalarymyzdan miras galan ol gözelligiň biriniň — mähriban Arkadagymyzyň eziz käbesi Ogulabat ejäniň mundan ýarym asyr öň, ýagny 1971-nji ýylda sünnäläp bejeren kürtesiniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylandygy baradaky hoş habar köňüllerimize üýtgeşik nur çaýdy. Ogulabat ejäniň kürtäni baldyzy üçin niýetläp bejermegi, onuň maşgalasynda gaýyn-gelin, ýeňňe-baldyz gatnaşyklaryndaky sylag-hormaty, agzybirligi aňlatsa, «iňňe bilen guýy gazan ýaly» inçe senediň bary-ýogy ýigrimi günüň içinde taýýar edilmegi bolsa el işine ökde zenanyň ussatlygyndan, zehin-başarnygyndan nyşandyr.

Oguljan AŞYROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.