Sportuň ösen Diýary

4 Iýun 2021
1277

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şol sanda sport ulgamynda hem özgertmeler geçirilýär. Watanymyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, raýatlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýe bolmagy, şeýle hem sport ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegi döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Şeýle syýasaty durmuşa geçirmek maksady bilen Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabatda köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, aýlawlar, sport mekdepleri we başga-da ençeme desgalar bina edildi. Hormatly Prezidentimiziň sport ulgamynda alyp barýan syýasaty halkara we sebitleýin sport guramalary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga we giňeltmäge uly mümkinçilik berýär. Öňňin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabatda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilip geçildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen bu baýramçylyk Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mähriban Watanymyzyň sportuň ösen Diýaryna öwrülendiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Goý, türkmen sportuny ösdürmekde we ony dünýäde belent derejelere ýetirmekde bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, belent maksatlary elmydama rowaç bolsun!

Merdan HANDURDYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.