Ertekiler — terbiýe mekdebi

3 Iýun 2021
1599

Çaga — durmuşyň bezegi, ömrümiziň manysy. Çaga — biziň geljegimiz. Geljegimiziň ähli babatda gowulyklara beslenmegi üçin biziň çagalarymyzyň terbiýesine şu günden uly üns bermegimiz zerurdyr. Muny türkmeniň terbiýeçilik mekdebine nazar aýlanyňda-da, «Çagany ýaşdan...», «Çaga eziz, edebi ondan-da eziz» diýen ýaly nakyllaryň üsti bilen hem bilýäris. Hut şol aýdylanlary durmuş ýüzünde amal etmek maksady bilenem ata-babalarymyz çaga terbiýesiniň has siňňitli usullaryny — ertekileri, matallary, sanawaçlary we beýlekileri döredipdirler. Sanawaçlardyr ýaňyltmaçlar çaganyň dil taýdan ösmegini, diliniň ýenjilmegini nazarlaýan bolsa, matallar körpejäniň aňynyň, pikirlenişiniň ösmegine gönükdirilendir. Çaganyň ýatkeşligini, göz öňüne getirijiligini, logiki pikirleniş ukybyny terbiýelemekde ertekileriň ähmiýeti örän uludyr. Biz ertekileri çagalara diňe bir gürrüň berip oňamyzok-da, olara diňlän wakalaryny gürrüň bermegi öwredýäris. Şunda çaganyň wakalaryň içinden gowy bilen erbedi saýlap biliş ukybyny barlamak üçin sowallary berýäris. Bu türkmeniň ata-baba dowam edip gelýän terbiýe mekdebinde bar.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen “Türkmen halk ertekileri” kitaplary çagalaryň iň bir ýakyn dostuna öwrüldi. Ol ertekilerdäki Akpamyk, Ýartygulak, Aýazhan... ýaly gahrymanlaryň üsti bilen biz çagalara agy-garany saýgarmagy, erbetlikden daşda bolmagy, gowa ýakyn durmagy öwredýäris.

Laçyn ŞAÝNAZAROWA,
Tejen etrabyndaky 14-nji çagalar bagynyň müdiri.