Kalplara uzaýan ýol

3 Iýun 2021
994

Hormatly Prezidentimiz: «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýmek bilen, milli gymmatlyklarymyza eýlenen medeniýetimize halkyň ýüreginiň sesidigi baradaky pelsepäni orta atýar. Hut şonuň üçin-de ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyz özüniň maksatnamalaýyn çykyşlarynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça wezipeler toplumyny kesgitledi. Öňde goýlan maksatlaryň hatarynda Türkmenistanyň dünýä bileleşigi tarapyndan diňe ykdysady babatdan däl, eýsem, ruhy we medeni babatda kuwwatly ýurt hökmünde ykrar edilmegini gazanmak, bu ulgamda toplumlaýyn özgertmeleri geçirmek, zehinli sungat ussatlaryny ýüze çykarmak we olaryň daşary ýurtly kärdeşleri bilen dostlukly gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça işleri dowam etmek ýaly wezipeler bar. Bu babatda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda, edebiýatda, sungatda, döredijilik adamlarynyň durmuşynda bolup geçýän ajaýyp özgerişliklere näçe diýseň mysal bar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornaşdyran täzeçillikleriniň biri-de her ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeligidir. Medeniýet hepdeliginiň ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda gezekli-gezegine geçirilip başlananyna taryhy nukdaýnazardan kän wagt bolmandygyna garamazdan, göýä asyrlar içre dowam edip gelýän dessur ýaly durmuşymyzdan mäkäm orun aldy. Şonuň ýaly-da ýurdumyzda Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýokary derejede bellenilýär.

Nobaraly NOBARALYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.