Aşgabadyň «Ylhamy»

3 Iýun 2021
989

Adamda bir aýratynlyk bar, ol haýsydyr bir zat barada söz açjak bolsa, meňzetme ulananyny duýman galýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza yzlyyzyna bagyş edýän ajaýyplyklaryny biz üýtgeşik täsinligede, ertekäde, gudratada... meňzedýäris. Ajaýyp zamanamyzda söz baýlygymyzyň içine täsinlik bilen manydaş, ýa bolmasa şoňa meňzeşräk bolan sözler, düşünjeler indi ymykly ornady. Ýöne biz ýurdumyzda amala aşyrylýan özgerişlikler barada, köplenç umumy düşünjäni — söýgini ulanýarys we ony ähli beýiklikleriň çür başyna çykarýarys. Söýgi — bu barlyga, äleme... kalbyň iň owadan tarapyny açyp görkezmek. Ine, hormatly Prezidentimiziň berkararlyk ýoly barada diňe söýgi bilen baglanyşdyryp söz açýandygymyzyň aňyrsyndaky gudratam şonda.

Söýginiň iň naýbaşylarynyň biri Watana bolan söýgüdir. Ol söýgini kimler goşgy setirlerinde beýan etse, ýene birleri munuň üçin sungatyň başgabaşga ýollaryny gözleýär. Ýöne Watana söýgiňi beýan etmegiň iň ýakyn ýoly — oňa kalp yssyňy, ýürek yhlasyňy bagyş etmek. Ýürekden çykan päk, perzentlik söýgüsi siňdirilen işler, ululygynakiçiligine garamazdan, ertirleriň röwşenligini artdyrýar. Şonuň üçinem Watan söýgüsine ýugrulyp amala aşyrylan işler halkyň, nesilleriň ýüreginde baky ýaşaýar.

Allamyrat ANNAGURBANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.