«Çelsi» toparynyň üstünligi

2 Iýun 2021
1011

Geçen hepdäniň şenbe gününde Portugaliýanyň Portu şäheriniň «Dragau» stadionynda Ýewropa yklymynyň iň abraýly futbol ýaryşy bolan Çempionlar ligasynyň final oýny geçirildi. Duşuşykda Angliýanyň futbol toparlary «Çelsi» bilen «Mançester Siti» özara güýç synanyşdylar.

Angliýanyň futbol toparlarynyň birbada ikisiniň Çempionlar ligasynyň final duşuşygynda çykyş etmegi bu ýaryşyň taryhynda eýýäm üçünji gezekdir. Ilkinji gezek bu ýurduň wekilleri 2008-nji ýylda Moskwa şäherinde duşuşypdy. Şonda «Çelsi» topary «Mançester Ýunaýted» toparyndan oýundan soňky jerime urgularynyň netijesi boýunça ýeňlipdi. Iki ýyl mundan öň bolsa «Liwerpul» bilen «Tottenhem» ýaryşyň aýgytlaýjy oýnunda duşuşypdylar. Şonda «Liwerpul» ýaryşyň ýeňijisi bolupdy. Çempionlar ligasynyň şu ýylky ýeňijisi hem iki sany iňlis toparlarynyň duşuşygynyň netijesinde mälim boldy.

Taýýarlan Guwanç ABDYRAHMANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.