Welosiped sporty

31 Maý 2021
1066

Berkarar Watanymyzda sport-sagaldyş hereketleriniň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösüşine uly üns gönükdirilýär. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary derejede enjamlaşdyrylan sport desgalary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle desgalaryň bina edilmegi netijesinde ildeşlerimiziň arasynda sport bilen meşgullanýanlaryň sany günsaýyn artýar. Bu gün ýurdumyzda sportuň beýleki birnäçe görnüşi ýaly, welosiped sportunyň meşhurlygy hem ýokarlanýar. Munuň esasy sebäpleriniň biri-de, döwlet Baştutanymyzyň özüniň welosiped sporty bilen ýakyndan meşgullanmagydyr we sportuň bu görnüşini wagyz etmekde nusgalyk görelde görkezmegidir.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmeginiň, şeýle-de paýtagtymyzyň gözel ýerleriniň birinde «Welosiped» binasynyň gurulmagynyň gözbaşynda hem welosiped sportuna örän uly ähmiýetiň berilýändigi bilen baglanyşykly hakykat durandyr. Şonuň bilen baglanyşykly, indi birnäçe ýyldan bäri Bütindünýä welosiped güni güneşli Diýarymyzda giňden bellenilýär we şol gün köpçülikleýin welosipedli ýörişlerdir gezelençler guralýar.

Çaryýar ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň başlygy.