Ýüwrük aýlawda belli

31 Maý 2021
1102

Türkmen halysynyň baýramy bu ýyl Mary welaýatynyň bagtyýar raýatlary üçin goşa toý, goşa şatlyk bolup geldi. Şol gün Mary atçylyk sport toplumynda at çapyşyklarynyň ýazky möwsüminiň tamamlaýjy tapgyrynyň geçirilmegi welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň, köp sanly atşynaslaryň hem-de janköýerleriň toý şatlygyny has-da artdyrdy.

Bu ýere gelen ildeşlerimizi, ilki, welaýatyň medeniýet, sungat, kitaphana we muzeý işgärleri, amaly-haşamdyr şekillendiriş sungatynyň ussatlary özleriniň ýörite taýýarlan baýramçylyk çykyşlarydyr sergileri bilen garşyladylar.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Şamyrat AMADOW.