Dilimiziň senasy sen, Aşgabat!

26 Maý 2021
956

25-nji maýda Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, şeýle-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli toý-dabaralar giň gerim aldy. Säheriň bereketli çagynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy. Merkezi Aziýanyň täze bezegine öwrüljek «Aşgabat-siti» döwrebap şäheriň umumy meýdany 744 gektara deň bolup, onuň çäginde 12-35 gatly belent ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy meýilleşdirilýär. Bu mega-taslamada durmuş maksatly beýleki desgalar — saglyk öýleri, çagalar baglary, orta mekdepler, ýörite sazçylyk mekdebi, söwda merkezleri göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen düýbi tutulan bu şäherde «Bir penjire ulgamy», «akylly ýangyn howpsuzlyk», «nobatsyz resminama», «takyk transport hereketleri», «emeli aň bilen ýüz tanaýjy ulgam», «ses arkaly dolandyrmak», «akylly gapy we gulplar», «sanly howpsuzlyk» we adam aňy bilen ösen tehnologiýalaryň ýene-de birnäçesiniň ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýär. Dünýä tejribesiniň gazananlaryny özünde jemlejek, şäheriň içinde dörejek bu şäher ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Olarda Garaşsyzlyk ruhuna laýyk gelýän binagärlik sungaty öz beýanyny tapar. Ýurdumyzda şeýle ägirt taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýýän dana sözleriniň aýdyň beýany duýulýar. Bu biziň her birimiziň kalbymyzy buýsandyrýar, täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Soňra Çoganly ýaşaýyş toplumynda 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen bagly aýdym-sazly dabara ýaýbaňlandyryldy. Bagtyýar döwrümiziň bagtyýar maşgalalarynyň ähli amatlyklary bolan täze jaýlardan paýly bolmagy ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi. Halkymyz şunuň ýaly ajaýyplyklary görende, «Ýagşy zatlardan paýly bolmak, jaýly bolmak bize-de nesip etsin!» diýip ýüze sylýar. Şeýle duýgulara çümüp, şol bagtly pursatlara şaýat bolmak döredijilik işgärleriniň kalbynda hormatly Arkadagymyza, mähriban halkymyza, eziz ýurdumyza uly buýsanç döretdi...

Tawus Kakaýewa,
«Watan».