Şanly toýuň şanyna

26 Maý 2021
924

25-nji maýda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda merjen paýtagtymyz Aşgabatda umumybilim berýän orta mekdepleriň ählisinde «Soňky jaň» dabaralary geçirildi. Her ýyl Aşgabat şäheriniň güni bilen bilelikde uly ruhubelentlige beslenýän bu baýramçylygyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyndaky dabaralary uçurymlaryň ählisi üçin ýatdagalyjy taryhy waka öwrüldi.

Geçirilen baýramçylyk dabaralarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020 — 2021-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli iberen Gutlagynda hem bellenilişi ýaly, bagtyýar uçurymlaryň — geljegimiz bolan ýaşlaryň bilim-terbiýe alan mukaddes bilim ojagy bilen hoşlaşyk pursatlaryny öz içine alýan «Soňky jaň» dabarasynyň jemgyýetçilik durmuşymyzda orny hem-de ähmiýeti barha ýokarlanýar. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, ussat hünärmenler, watansöýüji, jemgyýete peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary bilen netijeli işler amala aşyrylýar, ähli zerur mümkinçilikler döredilýär. Şu ýylky orta mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň «Soňky jaň» dabarasynyň Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygy bilen utgaşyp, goşa toýa öwrülendigi hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi bagtyýar raýatlarymyzyň ýüreklerindäki paýtagtymyzyň baky juwanlygyň, gözelligiň şäheridigi hakyndaky buýsançly duýgularyny goşalandyrýan wakadyr.

Oguljennet PAŞYKOWA,
«Aşgabat».