Kalbymyzyň owazy

26 Maý 2021
945

Türkmen halysynda halkymyzyň özboluşly, aýdyň ruhy medeniýeti, onuň egsilmez çeperçilik ukyby hem-de göwün-islegi öz beýanyny tapýar. Bu täsin sungatyň ajaýyp nusgalary paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň amaly-haşam sungaty bölüminde özüniň mynasyp ornuny eýeleýär. Türkmeniň göz-guwanjy bolan, at-owazasy jahana ýaýran meşhur halysynyň jadyly döreýşi we onuň türkmen milleti bilen aýrylmaz baglanyşygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden «Janly rowaýat» atly kitabynda çuň mazmunly beýan edilýär. Kalbyňy heýjana salýan gadymy haly senedi henize çenli öz şan-şöhratyny ýitirenok. Biziň milli halylarymyz diňe bir owadan bolman, eýsem, gelin-gyzlarymyzyň arzuw-isleglerini, gözel kalbyny aýdyň şöhlelendirýär. Şekillendiriş sungaty muzeýimizde-de halyçylyk senediniň irki döwürlerde dokalan ajaýyp nusgalary saklanylýar. Türkmen halylarynyň we haly önümleriniň meşhurlyga eýe bolmagyna, olaryň dünýä bazarlaryna çykmagyna köp babatda halkara sergileri ýardam berýär, munuň üstesine hem sergilerde ussatlaryň biri-biri bilen tanyşmaklygyna we hünärleriň syrlaryny alyşmaga we öwrenmäge mümkinçilik döreýär.

Goý, kämil sungata öwrülen halylarymyzyň şan-şöhratyny belende galdyrýan hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Tawus ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň arhiwçisi.