Aşgabat — bagtyýarlygyň şäheri

26 Maý 2021
739

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bagtyýar halkymyz Watanymyzyň ak mermerli paýtagty — gözel Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny giňden baýram edip belledi. Aşgabadyň ady, häzirki wagtda diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde giňden tanalýar.

Milli Liderimiziň ynsanperwer syýasatyna esaslanyp, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly senesi mynasybetli paýtagtymyzyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna 140 sany häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän, täze döwrebap kottej toplumy gurlup, ulanylmaga berildi. Täze gurlan kottejleriň ählisinde hem türkmen maşgalasynyň ýaşaýşyny üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Agşamlaryna Aýly gije deýin şugla saçýan yşyklar bolsa, ýaşaýyş toplumynyň köçelerine has-da aýratyn gözellik berýär.

Laçyn WELLIÝEWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.