Durmuşa ilkinji ädim

26 Maý 2021
1610

Öň­ňin ýur­du­my­zyň äh­li or­ta mek­dep­le­rin­de 2020 — 2021-nji okuw ýy­ly­nyň ta­mam­lan­ýan­dy­gy­ny buş­la­ýan «Soň­ky jaň» ka­kyl­dy. «Soň­ky jaň» da­ba­ra­synyň ýur­du­my­zyň äh­li künjegin­de ýo­ka­ry derejede bel­le­ni­li­şi ýa­ly, TGM-niň Sol­tan San­jar adyn­da­ky Ýö­ri­te­leş­di­ri­len har­by mek­de­bin­de hem bu dabara ulu­dan toý­la­nyl­dy. We­la­ýat ki­tap­ha­na­sy­nyň öňün­de uly şat­lyk-şow­hun bi­len guralan bu çä­re, har­by mek­de­bi ta­mam­la­ýan her bir har­by okuw­çy üçin diý­seň tol­gun­dy­ry­jy pur­satlara baý bol­dy. Çä­rä­niň do­wa­myn­da uçu­rym­la­ra gow­şu­ry­lan sow­gat­lar, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len aý­dym-saz­lar, oka­lan goş­gu­lar uçu­rym­la­ryň be­genç­le­ri­ni has-da art­dyr­dy. Iň tol­gun­dy­ry­jy pur­sat bol­sa, soň­ky ja­ňyň ka­ky­lyş pur­sa­dy bol­dy. Çünki soň­ky ja­ňyň şow­hun­ly se­si mek­de­bi ta­mam­la­ýan uçu­rym­la­ryň ak mek­dep­le­ri bi­len hoş­laş­ýan­dyk­la­ry­ny ha­bar ­berýärdi. «Soňky jaň» da­ba­ra­synyň bar­şyn­da myh­man­lar öz­le­ri­niň gut­lag söz­le­ri bi­len çy­kyş edip, uçu­rym­la­ra ak ýol ar­zuw et­di­ler.

Har­by mek­de­bi ta­mam­la­ýan har­by okuw­çy­la­ryň gel­jek­de Wa­ta­ny­my­za, mäh­ri­ban hal­ky­my­za, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze we­pa­ly ýaş wa­tan­çy­lar bo­lup ýe­tiş­jek­dik­le­ri­ne berk ynan­ýa­rys! Ýo­lu­ňyz ak bol­sun, har­by uçu­rym­lar!

Oraz­mu­ham­met KA­KY­ŞOW,
TGM-niň Soltan Sanjar adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň müdiriniň orunbasary, uly leý­te­nant.