Parahatçylyk hem ynam — baş ýörelgämiz

26 Maý 2021
1892

Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji gününden ýurdumyzda parahatçylygy, asudalygy we durnukly ösüş ýoluny öňe sürdi. Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ygtybarly ýol bilen geljege barýan ýurdumyzyň saýlap alan ählumumy ösüş ýoly, taryhy gadymyýetden gaýdan halkymyzyň şöhratly geçmişinden gözbaş alýar.

Türkmen halky islendik maslahat-geňeşde söz jemlenende «Dünýä abadan bolsun, iller — parahat!» diýip, köňül kelamyny ak ýürekden beýan edýär. Döwlet Baştutanymyz dana pederlerimiziň beýik parasadyndan ugur alyp, bir halkyň ýa-da ýurduň bagtyýarlygynyň ýeterlik däldigini, onuň ähli halklaryň, döwletleriň bagtyýar ýaşaýşyny öz içine almalydygyny tekrarlaýar we özüniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda bu hakynda: «Türkmenistan bitewülik ýörelgelerine ynsanperwerligiň nukdaýnazaryndan baha berýär we onuň umumy esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda öňe hereket etmäge çalyşýar. Munuň özi umumadamzat bähbitli tagallalarymyzda öz beýanyny tapýar» diýen paýhasly jümleleri getirýär.

Aýna AKYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.