Göz guwanjym — Aşgabat!

26 Maý 2021
967

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasy we egsilmez yhlasy bilen bina bolan ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şatlyk-şowhuna beslendi. Gadymy Köneürgenç topragynda hem ýaşuly nesliň wekilleriniň we ýaşlaryň gatnaşmaklarynda guralan şeýle baýramçylyk dabaralary

Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda halkymyza peşgeş beren «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyndaky dürdäne jümleler bilen utgaşyp gitdi. Çäreleriň dowamynda hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitabynda ýerleşdirilen bölümlerden çeper okaýyşlar hem guraldy. Çäräniň ahyrynda dabara gatnaşanlar mähriban Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly goşgusyna döredilen aýdymy uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Maral TOÝLYÝEWA,
TIIM-niň Köneürgenç şäheriniň polisiýa bölüminiň kämillik ýaşa ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň gözegçisi, polisiýanyň kapitany.