Türkmeniň ak öýi

26 Maý 2021
1228

Özüniň maddy we ruhy gymmatlyklary bilen dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň binagärlik sungatynyň milli aýratynlyklary dünýäniň dürli ýurtlarynyň alymlarynyň ünsüni özüne çekýär. Aýratyn hem, milli buýsanjymyz bolan türkmeniň ak öýi alymlarda uly gyzyklanma döredýär. Bu tema degişli has irki ýazylan işleriň esasy bölegi russiýaly we günbatar ýewropaly ýazarlaryň paýyna düşýär. ХIХ asyryň birinji ýarymynda türkmen topragynda bolup gören bu ýazarlar halkymyzyň durmuşy barada, şol sanda olaryň ýaşaýyş jaýlary hakynda köp maglumatlary ýazyp galdyrypdyrlar. 1831-nji ýylda iňlis syýahatçysy K.Borns, 1836-njy ýylda russiýaly barlagçylar G.I.Karelin we I.Blaramberg ýaly ýazarlar özleriniň birnäçe işlerinde türkmenleriň ýaşaýyş jaýlary barada gymmatly maglumatlary beýan edýärler. N.Murawýow, M.Galkin we ş.m. onlarça ýazarlary hem şu topragyň taryhy we milli aýratynlyklary bilen içgin gyzyklananlara degişli etmek bolar. Olaryň ýazgylarynda esasy üns, türkmeniň ak öýüniň gurluş aýratynlyklaryna gönükdirilipdir. Sebäbi bu döwür ak öýler türkmenleriň arasynda iň ýörgünli ulanylýan ýaşaýyş jaýy bolupdyr. Halkyň ykdysady we durmuş şertleri bilen düşündirilýän bu ýagdaý ýokarky ýazarlaryň işlerinde hem öz beýanyny tapypdyr. Meselem: I.Blarambergiň işlerinde türkmeniň ak öýüniň örän göze gelüwli we arassa bolýandygy, olaryň halylar, keçeler, haly horjunlary bilen bezelýändigi barada aýdylýar.

Wenger alymy A.Wamberiniň «Orta Aziýa syýahat» atly eseri hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 1865-nji ýylda Sankt-Peterburgda çap edilen bu eser, degişli döwür boýunça türkmen durmuşyny öwrenmegiň möhüm çeşmesine öwrülýär. Ol eserde, aýratynam, türkmeniň ak öýleri baradaky maglumatlar geçmişi öwrenijiniň ünsüni özüne çekýär. Munuň şeýledigine: «Duş gelmek miýesser eden öýlerimiň ählisi mende örän ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Olar tomsuna örän salkyn, gyşyna bolsa adatdan daşary ýyly» diýlen setirler aýdyň şaýatlyk edýär.

Nurmämmet HUDAÝNAZAROW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy.